- sabyn
- [sa:byn]Kir ýuwmak, ýuwunmak üçin ulanylýan ýag we aşgardan taýýarlanan, suwda köpüreýän goýy ýa-da tokga massa, önüm.∙ Ýüzi, boýny, gulaklary bilen sabyn köpürjigi bolup duran Hoşgeldi gülýän gözlerini çala delmirtdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ol sabyny köpürjedip, ýüzlerine döşlerine çalyşdyryp pugta ýuwundy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Sabyn kesiji maşyn.◊ arak sabyn — El ýüz ýuwulýan ysly sabyn.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.